- elek
- Elemek üçin halka gözenek çekdirilen esbap.∙ Dagyň depesinde irigöz elekden ýumşak un elenýän ýaly bolup, ownuk gar sepelenip başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Çagajyklar heşerlenişip galanlarynda, möjek guýrugy elek ýaly bir toklyny idirdedip gelipdir. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)∙ Ondan soň hatar arasyny 12-15 santimetr çuňlukda ýumşadyp, elekden geçen ders bilen basyrdyk. («Mugallymlar» Gazýeti)∙ Ol kiçijik elegi maňa ber! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem elek - elegi.◊ elekden geçirmek — Her bir tarapdan barlap görmek, barlamak.∙ Nagyşlandyr ak kagyzyň ýüzüni, Geçirip elekden her bir sözüni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Artyk olaryň baryny akyl eleginden durlap geçirip bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Men şu ýerde aýtjak sözlerimi ençeme gezek elekden geçirdim. («Tokmak» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.